Hytaýyň Hefeý şäherindäki meýdançada 2026-njy ýylyň Bahar baýramyna (Hytaý Täze ýylyna) bagyşlanan gala-konsertiň çäklerinde 22 580 sany dron asmana göterilip, täze dünýä rekordy goýuldy. Bu täsin tomaşa bada-bat «Bir kompýuter tarapyndan dolandyrylan iň köp sanly dronlar» ugry boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi diýip, CGTN teleýaýlymynda habar berilýär. «Luogan» seýilgähiniň üstündäki asman äpet janly ekrana öwrüldi. 17-nji fewralda başlanjak Hytaý Täze ýylynyň dabaralarynyň öň ýanyndaky taýýarlyk işleriniň çäklerinde rekord derejedäki dronlar jemlendi. Ýeke-täk kompýuterden dolandyrylýan uçuş enjamlary diýseň sazlaşykly hereket edip, «Huanmeý» operasynyň, syýa bilen çekilýän hytaý nakgaşlyk sungatynyň we ýerli binagärlik aýratynlyklarynyň şekillerini döretdiler. Bu şüweleň döwrebap tehnologiýalaryň sebitiň medeni däp-dessurlary bilen utgaşmasyny aýdyň şöhlelendirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir