Los-Anjelesde ABŞ-nyň Režissýorlar gildiýasynyň (DGA) 78-nji baýrak gowşurylyş dabarasy geçirildi diýip, Variety neşiri habar berýär. Bu baýragyň ýeňijileri, adatça, geljekki "Oskar" baýragynyň hem esasy dalaşgärleri hasaplanýar. Bu ýylyň esasy baýraklaryna şu aşakdakylar mynasyp boldy: Çeper filmdäki iň oňat režissýorlyk işi: Pol Tomas Anderson — "Bir söweşden soň beýleki" («Битва за битвой»); Iň oňat režissýorlyk başlangyjy: Çarli Polinger — "Çuma" (Чума); Dramatik serialdaky iň oňat režissýorlyk işi: Amanda Marsalis — "Pitt hassahanasy" (Больница Питт, "18:00" seriýasy); Komediýa serialyndaky iň oňat režissýorlyk işi: Set Rogen we Ewan Goldberg — "Kinostudiýa" ("The Oner" seriýasy). Ýeňijileriň doly sanawy bilen Variety neşiriniň saýtynda tanşyp bilersiňiz. "Doly metražly filmde iň oňat režissýorlyk işi" kategoriýasynda dalaşgär görkezilen bäş režissýoryň hemmesine Gildiýanyň ýörite medalýonlary gowşuryldy. Medalýony gowşurmak dabarasynda dünýä meşhur ýyldyzlar gatnaşdy. Pol Tomas Andersona baýragyny Leonardo Di Kaprio gowşurdy. Gilýermo del Torony ("Frankenşteýn") Jeýkob Elordi gutlady. Joş Sefdini ("Marti Beýik") Timoti Şalame sylaglady. Hloýa Çžaony ("Hamnet") Stiwen Spilberg gutlady. Raýan Kugleri ("Günäliler") bolsa Maýkl B. Jordan sylaglady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir