Google Gemini emeli aň (EA) kömekçisiniň auditoriýasy aýda 750 mln işjeň ulanyja ýetdi. Bu maglumatlar kompaniýanyň nobatdaky çärýekleýin hasabatynda görkezildi. Google geçen çärýekde Gemini-iň her aýda 650 mln işjeň ulanyjysynyň bardygyny habar beripdi. Şunlukda, gysga wagtyň içinde ol ulanyjylar toparyny ep-esli giňeltmegi we emeli aň önümleriniň bazarynda ornuny berkitmegi başardy. Emma muňa garamazdan, Google häzirlikçe özüniň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyndan yzda galýar. Google-yň maglumatlary boýunça, 2025-nji ýylyň ahyryndaky ýagdaýa görä, ChatGPT-niň auditoriýasy aýda 810 mln ulanyja ýetipdi. Gemini 750 mln ulanyjy görkezijisinden Google-yň häzirki wagtda iň kämil dil modeli hasaplanýan Gemini 3 işe girizilenden az wagtdan soň geçdi. Kompaniýanyň bellemegine görä, kömekçiniň täze wersiýasy konteksti göz öňünde tutmak bilen has takyk we giňişleýin jogaplary berýär. Google-yň baş direktory Sundar Piçai auditoriýanyň ösmegini Gemini 3-üň işe girizilmegi we EA modelleriniň ösüşine maýa goýumlaryň dowam etdirilmegi bilen baglanyşdyrdy. Aýda 8 dollar bolan täze Google AI Plus nyrh meýilnamasy hem ulanyjy sanynyň artmagyna goşmaça itergi bolup biler. Google-yň täjirçilik müdiri Filipp Şindler maýadarlara kompaniýanyň auditoriýanyň durnukly ösüşini hasaba alýandygyny we tölegli hyzmatlar toplumyny ösdürmegi dowam etdirýändigini aýtdy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir