Yragyň günortasynda ylmy gözlegçiler Aleksandr Makedonskiý tarapyndan esaslandyrylan port şäheri — Tigrdäki Aleksandriýanyň ýerleşýän ýerini anyklamagy başardy. Ol asyrlaryň dowamynda ýazuw çeşmelerinden mälim bolsa-da, birmeňzeş atly birnäçe şäheriň bolmagy sebäpli, onuň anyk ýerleşýän nokady jedelli mesele bolup galypdy. Tigrdäki gadymy Aleksandriýa häzirki Yrak bilen Eýranyň serhediniň golaýyndaky Jebel-Haýýaber bilen baglanyşdyryldy. B.e.öňki IV asyrda düýbi tutulan bu port, geçirilen meýdan barlaglarynyň we surata düşürmeleriň netijeleriniň görkezişi ýaly, gadymy Mesopotamiýanyň derýa we deňiz gatnawynda möhüm orun eýelän merkez bolupdyr. Iňlis arheology Jon Hansmanyň işi bu gözlegler üçin başlangyç nokat boldy. Ol 1960-njy ýyllarda aerofotosuratlary öwrenip, olarda uly we harby taýdan berkidilen şäherçäniň yzlaryny tapdy. Bu ýerdäki gazuw-agtaryş işleri 2014-nji ýylda başlandy we kuwwatly gorag diwarlarynyň bardygyny tassyklady. Soňraky ýyllaryň dowamynda alymlar 500 inedördül kilometrden gowrak meýdany öwrendi. Tapylan keramika önümleri, kerpiçler, önümçilik galyndylary we binalaryň galyndylary bu ýerde iri şäher merkeziniň bolandygyny tassyklaýar. Dronlar arkaly surata düşürmeler we magnitometriýa maglumatlary bolsa ýaşaýyş toplumlary, ybadathanalar, senetçilik zolaklary we port infrastrukturasy bilen şäheriň nähili gurnalandygyny dikeltmäge kömek etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir