Ferrari kompaniýasynyň esaslandyryjysy Enso Ferrariniň kostýumyny RM Cavallino Palm auksionynda satmak meýilleşdirilýär. Bu barada Road & Track neşiri habar berýär. Kostýum 1979-njy ýylda Ferrari brendiniň ady rowaýata öwrülen esaslandyryjysynyň hut özi tarapyndan sargyt edilipdir. Lotuň bahasy takmynan 200 müň dollardyr. Bu orta derejeli Ferrari awtoulagynyň bahasyna barabardyr. Kostýumy Enso Ferrariniň şahsy tikinçisi Gabriel Bertassoni tikipdir we ol onuň ömrüniň ahyrky ýyllarynda özüne mahsus stilini kemala getirmäge kömek edipdir. Kostýumyň sargyt edilişini jikme-jik beýan edýän resminamalar hem lotuň ýanyna goşulýar. Enso Ferrari ony 1970-nji ýyllaryň başyndan 1980-nji ýyllaryň ortalaryna çenli geýipdir. Arhiw materiallarynda önümçilikde ulanylan matalaryň nusgalary hem saklanyp galypdyr. Kostýumlar üçin Ermenegildo Zegna we Scabal kompaniýalarynyň dürli reňklerdäki we nagyşly ýokary hilli ýüň matalary saýlanypdyr. Şeýle hem, auksionda sargyt boýunça taýýarlanan Marelli deri aýakgaplary bar. Her bir haryt onuň hakykylygyny tassyklaýan gol çekilen hat bilen birlikde satylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir