2026-njy ýylda Quick Share funksiýasy Android smartfonlarynyň köpüsinden Apple-iň enjamlaryna faýllary geçirmäge mümkinçilik berer diýip, Android platformasynyň inženerçilik işlenmeleri boýunça wise-prezidenti Erik Keý habar berýär. AirDrop bilen utgaşyklylygy üpjün edýän bu tehnologiýa häzirki wagtda diňe Pixel 10 seriýaly smartfonlaryň eýeleri üçin elýeterlidir. Kompaniýanyň wekili Google-yň Taýbeýdäki ofisinde geçirilen metbugat brifinginde taslamanyň durmuşa geçirilişi hakynda giňişleýin durup geçdi. Erik Keýiň aýtmagyna görä, ulgam «Pixel» enjamlarynda synagdan geçirilenden soň, ony tutuş Android ekoulgamyna ornaşdyrmak boýunça işlere başlandy. Geçen ýyl biz AirDrop bilen utgaşyklylygy ýola goýduk. 2026-njy ýylda bolsa ony has köp enjamlara ýaýradarys diýip, Keý aýratyn belledi. Işläp düzüjiler diňe bir iPhone bilen däl, eýsem iPad planşetleri we MacBook noutbuklary bilen hem özara gatnaşygy göz öňünde tutdular. Giň gerimli ornaşdyrmalara taýýarlyk görmegiň çäklerinde Google kompaniýasy Quick Share-i Google Play dükanynda aýratyn programma hökmünde böleklere böldi. Nothing kompaniýasy bu funksiýany goldamak islegi barada eýýäm mälim etdi, Qualcomm korporasiýasy bolsa ony «Snapdragon» prosessorly enjamlarynda amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Şunuň bilen birlikde, Google we Apple mobil platformalary çalşyrmak üçin maglumatlary geçirmegiň ýönekeýleşdirilen guralyny işläp düzýärler. Bu bolsa iOS we Android ekoulgamlarynyň arasyndaky päsgelçilikleri azaltmak ugrundaky ýene bir ädimdir.