Dubaýda geçirilen PFL ýaryşynyň esasy tutluşygynda russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow britaniýaly Alfi Dewisi ýeňip, ýeňil agramda çempionlyk derejesini gorady. Ýaryş «Coca-Cola Arena» meýdançasynda geçirildi. Söweş üçünji raundda tamamlandy. Nurmagomedow demikdiriji tilsimi ulanyp ýeňiş gazandy. 27 ýaşly Usman Nurmagomedow professional karýerasynda "ýeňilmezek" adyny saklap gelýär: onuň hasabynda MMA-da 21 ýeňiş bar. Onuň ýene bir söweşi hasaba alynmady diýlip yglan edilipdi. 2023-nji ýylyň oktýabrynda ol amerikaly Brent Primusdan üstün çykypdy, ýöne soňra onuň barlagyndan doping galyndylary tapyldy. Bellator söweşijini alty aýlyk möhlet bilen oýunlardan çetleşdirdi, emma Usman çempionlyk guşagyny özünde saklap galdy. Nurmagomedow bu ýagdaýy düşünişmezlik diýip düşündirdi: onuň söweşden birnäçe aý öň bejergi üçin ulanan dermanlary barada sport komissiýasyna habar bermändigi mälim boldy. Alfi Dewis 33 ýaşynda. Onuň hasabynda 20 ýeňiş, alty ýeňliş we bir deňlik bar. 2025-nji ýylda ol russiýaly Gaji Rabadanowy ýeňip, PFL Gran-prisinin finalynda ýeňiji bolupdy. Usman Nurmagomedow — UFC-niň öňki çempiony Habib Nurmagomedowyň doganoglanydyr. Ol 2022-nji ýylyň noýabrynda Bellator-yň çempiony boldy, 2025-nji ýylyň oktýabrynda bolsa PFL guşagyny aldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir