Prezident Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň jemleri boýunça geljek hepdede Hökümetiň giňişleýin mejlisiniň geçiriljekdigini habar berdi. Onda 2025-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemlerini jemlemek, döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişini, şeýle hem ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişini we beýleki meseleleri gözden geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada TDH habar berýär. Döwlet Baştutany şu ýylyň ýanwar aýynda bitirilen işleriň netijeleriniň ýurduň ösüşini görkezýändigini belledi. Ykdysadyýetiň pudaklarynda özgertmeler dowam edýär, önümçilik ulgamlary yzygiderli kämilleşdirilýär, täze kärhanalaryň gurluşygyna we bar bolan desgalaryň döwrebaplaşdyrylmagyna maýa goýumlar gönükdirilýär. Prezident görkezilen döwürde jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterim bolandygyny belledi. Nebitgaz, söwda we ulag-aragatnaşyk toplumlarynda degişli işleriň alnyp barylýandygy, bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport we medeniýet ulgamlarynyň özgerdilmeginiň dowam edýändigi nygtaldy. Tutuş ýurt boýunça senagat desgalary, ýaşaýyş jaýlary, lukmançylyk we dynç alyş merkezleri, mekdepler hem-de çagalar baglary işjeň gurulýar. Prezident Serdar Berdimuhamedow sözüniň ahyrynda ýurdy mundan beýläk-de ösdürmek we meýilleşdirilen çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça wezipeleri kesgitläp, mejlise gatnaşyjylara işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.