Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSSG) baş direktory Tedros Adanom Gebreýesus Ispaniýanyň premýer-ministri Pedro Sançesiň ýaşlary durmuş ulgamlarynyň «zäherleýji äleminden» goramak baradaky ideýasyny goldady we olarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy. Bu barada TASS agentligi habar berýär. «Platformalar çagalaryň howpsuzlygyny we saglygyny gorajak görnüşde işlenip düzülen bolmalydyr» diýip, BSSG-niň ýolbaşçysy bu barada X sosial torunda hem ýazdy. Onuň aýtmagyna görä, munuň üçin, beýleki çäreler bilen bir hatarda, ulanyjylaryň hakyky ýaşlaryna görä çäklendirmeleri girizmek zerurdyr. Gebreýesus ispan premýer-ministri bilen ylalaşýandygyny belläp, sosial ulgamlaryny düzgünleşdirilmegiň we bu hakyndaky hasabatyň uly ähmiýete eýedigini sözüniň üstüne goşdy. BSSG-niň başlygynyň pikiriçe, çagalara ýetirilýän zyýan diňe bir sosial torlary ulanmak bilen däl-de, eýsem olaryň gurluşynyň hili bilen hem baglydyr. Şu nukdaýnazardan sosial ulgamlaryň zyýanly we endige öwrülmek howpuny döredýän gurluşyna garşy göreşmek zerurdyr we bu işe garaşsyz bilermenleri çekmek has dogry we netijeli bolar.