BAE-niň üç sany iň uly emirligi bolan Dubaý, Abu-Dabi we Şarja 2026-njy ýylda daşary ýurtly syýahatçylar üçin iň köp isleg bildirilýän ugurlar bolar. Bu hakda Skyscanner kompaniýasy habar berýär. Dubaý myhmanhanalaryň öňünden bron edilmegi boýunça öňde barýar. Bu görkeziji boýunça ösüş 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende takmynan 90%-e ýetdi. Emirliklere syýahat etmäge bolan gyzyklanma Germaniýadan, Şweýsariýadan, Kanadadan we Günorta Koreýadan gelýän syýahatçylaryň arasynda barha artýar. Şunlukda, Şarja gitjekler Germaniýada geçirilen seljerme soraglarynda iki esseden gowrak, Şweýsariýada bolsa tas 100% ýokarlandy. Dubaýyň meşhurlygy ösen howa gatnawy, kanadalylar üçin wizasyz giriş düzgüni we syýahatlaryň bahasynyň 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende 16% peselmegi bilen delillendirilýär. Abu-Dabi 2025-nji ýylda syýahatlaryň 27% arzanlamagyndan soň Günorta Koreýaly myhmanlar üçin iň amatly ugra öwrüldi. Skyscanner-iň maglumatlaryna görä, syýahatçylaryň takmynan 76%-i myhmanhana ýerleşdirilmeginiň hilini nazarda tutýarlar, bu bolsa aýratyn-da Z nesli we milleniallar üçin möhümdir. Syýahatlaryň ortaça dowamlylygy hem artýar. 2026-njy ýylda syýahatçylar BAE-de ortaça dört günüň ýerine alty gün geçirmegi meýilleşdirýärler. Beýik Britaniýadan, Hindistandan, Germaniýadan, Fransiýadan, Italiýadan, Türkiýeden, Awstraliýadan we Niderlandlardan gelýän syýahatçylaryň myhmanhana infrastrukturasy hem-de kenarýaka kurortlar sebäpli BAE-ne gelmegi ýygjamlaşdyrjakdyklaryna umyt bildirilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir