7-nji fewrala geçilýän gije Italiýada XXV Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy. Taryhda ilkinji gezek bu çäre bir wagtyň özünde birnäçe şäherde — Milan, Kortina-d’Ampesso, Predasso we Liwinýo şäherlerinde geçirildi. Esasy dabara Milandaky meşhur «San-Siro» stadionynda boldy. Milandaky şüweleň «La Skala» teatrynyň balet mekdebiniň tansçylarynyň çykyşy bilen açyldy. Soňra sahnada beýik italýan kompozitorlary — Juzeppe Werdi, Jakomo Puççini we Joakkino Rossini keşbindäki artistler peýda boldy. Amerikaly pop-aýdymçysy Meraýa Keri Domeniko Modunýonyň meşhur «Volare» («Nel blu, dipinto di blu») aýdymyny hem-de özüniň «Nothing is impossible» kompozisiýasyny ýerine ýetirdi. Dabaranyň aýratyn bir bölümi 2025-nji ýylyň sentýabrynda aradan çykan dünýä belli modelýer Jorjo Armaniniň ýadygärligine bagyşlandy. Milli baýdagyň reňklerindäki lybaslar bilen geçirilen defile dizaýnere bolan uly hormaty görkezdi. Italiýanyň döwlet gimnini Laura Pauzini ýerine ýetirdi. «Ak lotos» serialynyň ýyldyzy Sabrina Impaççiatore dürli döwürleri janlandyrýan joşgunly çykyş etdi. Aktrisa Brenda Ladijani "bozulan mikrofon" bilen bagly gülküli sahna görkezip, italýanlara mahsus meşhur el hereketleri arkaly tomaşaçylaryň göwnüni açdy we soňunda «Welcome to Italy!» diýip gygyrdy. Meşhur aktrisa Şarliz Teron hem sahnada peýda bolup, Oýunlaryň diňe bir sport däl-de, ondan has uly ähmiýete eýe bolmagyny arzuw edip, "bütindünýä parahatçylygyna" çagyrdy. Italiýanyň Prezidenti Serjo Mattarella Olimpiadany açyk diýip yglan etdi. Şol pursatda dünýä belli tenor Andrea Boçelli aýdym aýtdy. Olimpiýa alawy bir wagtyň özünde iki sany okarada - Milanda dag lyža sporty boýunça üç gezek Olimpiýa çempionlary Alberto Tomba we Debora Kompanýoni tarapyndan, Kortina-d’Ampessoda bolsa 2018-nji ýylyň Olimpiýa çempiony Sofýa Goja tarapyndan ýakyldy. Dabara ajaýyp feýerwerk bilen tamamlandy. Çäräniň guramaçysy öň 14 sany Olimpiýa dabarasyny taýýarlan Marko Baliçiň ýolbaşçylygyndaky «Balich Wonder Studio» kompaniýasy boldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir