Gymmatbaha metallaryň bazarynda durnuksyzlyk dowam edýär. Anna güni kümşüň bahasy ilki bilen 10% düşüp, bir unsiýa üçin 64 dollardan satyldy, soňra bolsa Aziýa söwda sessiýasynyň dowamynda büs-bütin ugruny üýtgedip, 6,2% galdy. Bu barada Bloomberg agentligi habar berýär. Kümşüň bahasy 1980-nji ýyldan bäri beýle hallan atmandy. Geçen sessiýalaryň birinde kümüş öz bahasynyň 20%-e golaýyny ýitirip, ýanwar aýyndaky ähli gazanlaryna nola düşürdi. 29-njy ýanwarda gazanylan taryhy iň ýokary derejesinden bäri bu metal bahasynyň üçden bir bölegini gidirdi. Bolup geçýän ýagdaýlaryň esasy sebäbi — likwidliligiň (nagt pul dolanyşygynyň) ýiti ýetmezçiligidir. Marketmeýkerler spredleri (satyş we satyn alyş nyrhlarynyň arasyndaky tapawudy) giňeldýärler, bu bolsa dowula düşüp edilýän satuwlaryň fonunda bahalary has-da beter bökdürýär. Goşmaça faktor hökmünde Hytaý tarapyndan islegiň gowşamagy boldy. Hytaý Halk Respublikasynyň içki bazarynda kümşüň bahasy dünýä nyrhlaryndan aşak düşdi, treýderler bolsa 16-njy fewralda başlanjak Aý senenamasy boýunça bellenýän täze ýylyň öňüsyrasynda öz pozisiýalaryny gysgaltmaga we peýdalaryny berkitmäge çalyşýarlar. Likwidliligi has ýokary bolan altyn özüni has durnukly duýýar: onuň bahasy 1,7% ýokarlanyp, bir unsiýasy 4 860 dollara ýetdi. Emma JPMorgan Chase-iň strategleri uzak möhletleýin geljekde bitkoiniň altyna garanyňda has özüne çekiji aktiw bolup görünýändigini aýtdylar. Esasy kriptowalýuta häzirki wagtda Binance biržasynda 71,5 müň dollar derejesinde söwdalaşylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir