Google kompaniýasy emeli aňy ösdürmek üçin düýpli maýa goýumlaryny ep-esli artdyrmagy meýilleşdirýändigini yglan etdi. Muny Business Insider neşiri habar berýär. Gözleg gigantynyň enelik kompaniýasy bolan Alphabet geljek ýyl çykdajylaryň 175–185 milliard dollar boljakdygyny çaklaýar. Bu görkeziji geçen ýylky garaşylan derejeden (takmynan 91–93 milliard dollar) tas iki esse köpdür. Maýa goýumlarynyň artmagy mahabatdan we bulut hyzmatlaryndan gelýän ýokary girdejiler, şeýle hem hasaplaýyş kuwwatlyklaryna bolan islegiň ýokarlanmagy bilen baglydyr. Dördünji çärýekde Google-yň düýpli çykdajylary 27,9 milliard dollara ýetdi. Bu bolsa bir ýyl ozalky görkezijiden iki esse diýen ýaly köpdür. Ýylyň netijeleri boýunça olar 91,4 milliard dollar boldy. Alphabet taryhynda ilkinji gezek ýyllyk girdejisiniň 400 milliard dollardan geçendigi barada hasabat berdi. Kompaniýa Gemini-niň täze nusgalaryny tanyşdyrmak we öz ýöriteleşdirilen çiplerini ulanmak arkaly EA ugruny işjeň ösdürýär. Google-yň baş direktory Sundar Piçaý emeli aňa goýlan maýa goýumlarynyň eýýäm peýdanyň ep-esli artmagyna getirendigini aýtdy we munuň uzakmöhletleýin dowam etjekdigine ynam bildirdi. Onuň aýtmagyna görä, Google DeepMind çözgütlerine we bulut tehnologiýalaryna bolan isleg beýleki elýeterli kuwwatlyklardan has ýokarydyr. Çaklamalaryň çap edilmeginden soň Google-yň aksiýalary ilki 7%-e çenli peseldi, biraz wagtdan soň bolsa gaýtadan dikeldi. Maýadarlar çykdajylaryň örän çalt artmagy sebäpli EA bazarynyň çendenaşa «gyzmak» ähtimallygyny ara alyp maslahatlaşýarlar. Birža seljerijileri şeýle ýagdaýa dekabr aýynda garaşypdylar. Olaryň pikiriçe, 2026-njy ýylda maýadarlar EA tehnologiýalary bilen baglanyşykly kompaniýalaryň aksiýalaryna bolan işjeňligini peseldip bilerler. Tehnologiýalary işläp taýýarlamak üçin çendenaşa uly çykdajylar edilse-de, olaryň peýdalanylýan ugurlary häzirlikde çäkliligine galýar. Şonuň bilen birlikde sarp edijileriň geljekde bu hyzmatlar üçin tölejekleri-tölemejekdikleri-de gümana.