Hindistanly mugallym zenan Rubl Nagi 1 million dollar möçberindäki «Global Teacher Prize» halkara baýragynyň eýesi boldy. Ol şeýle sylaga ýüzlerçe okuw merkezini döredeni hem-de garyp mähellelerdäki jaýlaryň diwarlaryna bilim maksatly suratlary çekmek ugrunda alyp baran işleri üçin mynasyp görüldi diýip, ClickOrlando neşiri ýazýar. Baýrak Dubaýda (BAE) geçirilen Bütindünýä hökümet sammitinde gowşuryldy. Görnükli zenan mugallymyň esaslandyran «Rouble Nagi Art Foundation» (RNAF) atly çeperçilik fondy tutuş Hindistan boýunça 800-den gowrak okuw merkezini açdy. Bu merkezleriň maksady — mekdebe gitmedik çagalara ulgamlaýyn bilim almaga şert döretmekdir. Munuň daşyndan Nagi sowatlylygy, tebigy ylymlary, matematikany, taryhy we beýleki dersleri öwredýän diwar suratlaryny hem çekdirýär. Has takygy, Nagi sungatyň täsiri arkaly bilime elýeterliligi üpjün etmäge çalyşýar. Rubl Nagi öz işine 24 ýyl mundan ozal, kiçijik ussahanada 30 okuwçy bilen başlapdyr. Häzirki wagtda bolsa onuň bilim işleri 1 milliondan gowrak çagany öz içine alýar. Ol öz alyp barýan asylly işi hakynda: «Men özüm çagakam her bir çaganyň mekdepde okamagyny arzuw ederdim. Ulalyp, mümkin boldugyndan köp çaga kömek edip, şol arzuwymy amala aşyrmagym maňa tolgundyryjy tejribe berdi» diýip, gürrüň berýär. «Global Teacher Prize» baýragynyň saýtynda ýerleşdirilen beýanatda: «Rubl Nagi her bir mugallymda hökmany bolaýmaly batyrgaýlyk, çeperçilik, rehimlilik we her bir çaganyň ukyplydygyna pugta ynanmak ýaly iň gowy gylyk-häsiýetleri özünde jemleýär» diýlip, mugallym zenanyň aýratynlygyna uly baha berilýär. Rubl Nagi 1 million dollary mugt hünär öwredýän instituty gurmak üçin ulanmagy meýilleşdirýär.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir