NASA kosmosa we Aýa uçjak astronawtlaryna taryhda ilkinji gezek resmi taýdan ýany bilen smartfon almaga rugsat berdi. Gürrüň iPhone barada gidýär: NASA-nyň ýolbaşçysy (we milliarder-astronawt) Jared Aýzekmanyň habar bermegine görä, hut şu smartfonlar orbital we kosmos şertlerinde işlemek üçin ilkinji etapda sertifikasiýadan geçdi. Smartfonlar surata düşürmek, uçuşlary resmileşdirmek we şahsy pursatlary ýazga geçirmek üçin ulanylar. Bu bolsa öňki resmi hasabatlara girmedik has özboluşly kadrlary görmäge mümkinçilik berer. "Biz ekipažlarymyza aýratyn pursatlary surata düşürmäge we ylham beriji suratdyr wideolary bütin dünýä bilen paýlaşmaga mümkinçilik berýän enjamlary bereris" diýip, Aýzekman X (öňki Twitter) jemgyýetçilik torunda ýazdy. iPhone smartfonlaryny Artemis maksatnamasynyň çäginde Aýyň daşyndan aýlanjak missiýa gatnaşyjylar, şeýle hem Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) guraljak ýakyn missiýalaryň ekipažy ýany bilen alarlar. Şu wagta çenli astronawtlar uçuşlarda diňe ýörite sertifisirlenen kameralary, noutbuklary we tehniki enjamlary ulanýardylar, emma smartfonlara rugsat ýokdy. NASA bu ýerde diňe iPhone bilen çäklenilmejekdigini nygtaýar. Geljekde agentlik beýleki öndürijileriň ykjam enjamlaryny hem sertifikasiýadan geçirmegi mümkin hasaplaýar. Şeýle hem agentlik Artemis II missiýasynyň möhletine düzediş girizdi. Aýa tarap amala aşyryljak adamly uçuş, taýýarlyk wagtynda ýüze çykan tehniki meseleler sebäpli, howpsuzlyk maksady bilen fewral aýyndan mart aýyna süýşürildi.