BMW awtomobile adaty eýelik etmegiň çäklerini ýene bir gezek barlaýar. Oturgyçlaryň we ruluň gyzdyrylmagy üçin abuna ýazylyşygyndan ýüz öwreninden soň, kompaniýa aýlyk tölegler meselesini doly ýapmady. Täze elektrik BMW iX3 modeli birbada birnäçe funksiýa eýe bolar, ýöne olar üçin awtomobili satyn alanyňyzdan soň aýratyn töleg tölemeli bolar. Gürrüň 360 gradus kameralary bolan töwerege gözegçilik ulgamy we Driving Assistant Pro elektron kömekçiler bukjasy barada gidýär. Tehniki taýdan bu enjamlaryň hemmesi, toplumyna garamazdan, her bir iX3 modeline gurlar. Emma bu funksiýalar diňe abuna ýazylyşygy resmileşdirilenden soň işläp başlar. Abunanyň bahasynyň näçeräk boljakdygy häzirlikçe anyklanmady. BMW bu ýagdaýyň logikasyny ýönekeý dilde şeýle düşündirýär: ähli sürüjiler zerurlygyna doly göz ýetirmedik funksiýalary üçin birbada pul tölemäge taýyn däl. Abuna ýazylyşygyny islendik wagt — hatda awtomobil satyn alanyňyzdan ep-esli wagt geçensoň hem resmileşdirip bolar. Karar bermek eýesiniň öz erkinde galar. Awstraliýanyň "Drive" neşiri şeýle nusganyň eýýäm ulanylýandygyny ýatladýar. Mysal üçin, käbir BMW modellerinde uýgunlaşýan asma (adaptiwnoýe podweska) aýda 29 awstraliýa dollaryna elýeterlidir. Ýoldaky ýagdaýlar barada real wagtda maglumat almak hyzmaty hem şeýle işleýär — bu ýerde kompaniýa bulutly serwisler üçin töleg töleýär we çykdajylaryň bir bölegini müşderiniň üstüne ýükleýär. Mundan öň BMW oturgyçlaryň we ruluň gyzdyrylmagy boýunça geçirilen tejribäni şowsuz diýip ykrar edipdi we geçen ýylyň güýzünde şol abuna ýazylyşygyndan ýüz öwrüpdi. Ýöne iX3 mysalynda görnüşi ýaly, brend "isleg boýunça funksiýalar" ideýasyndan dänmekçi däl.