Norwegiýaly grossmeýster Magnus Karlsen 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça iň köp pul baýragyny gazanan küştçüleriň sanawynda birinji orna çykdy. Bu reýting eýýäm yzygiderli ikinji ýyl «Forbes Sport» neşiri we «Chess Plus» media taslamasy tarapyndan taýýarlanyldy. «Forbes Sport-yň» maglumatyna görä, Karlsen ýylyň dowamynda 1 365 177 dollar pul baýragyny gazandy. «Chess.com» saýty bolsa onuň 16 sany ýaryşdan jemi 1,455 million dollar girdeji alandygyny belleýär. Geçen ýyl Karlsen bu sanawda üçünji ýerdedi. Ol dünýä çempionlygy ugrundaky ýaryşa gatnaşan Gukeş Dommaraju (Hindistan) we Din Liženden (Hytaý) yza galypdy. Häzirki wagtda 35 ýaşynda bolan Karlseniň karýerasy rekordlara baý. Ol 2013–2023-nji ýyllar aralygynda dünýäniň 16-njy çempiony bolup galdy. Blitz boýunça 9 gezek, rapid boýunça bolsa 6 gezek dünýä çempiony boldy. 19 ýaşynda FIDE reýtinginde birinji orna çykan iň ýaş küştçi hökmünde taryha girdi. Sanawyň ilkinji onlugyna Karlsenden başga-da ABŞ-nyň, Fransiýanyň, Özbegistanyň, Hindistanyň we Germaniýanyň grossmeýsterleri girdi. «Bu ýyl biz Esports World Cup we Freestyle Chess ýaly täze çäreleriň uly täsirini görýäris. Bu bolsa küşt elitasyna girdejilerini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berdi. Küşt has köp formatly we gyzykly sporta öwrülýär» — diýip, «Chess Plus» taslamasynyň esaslandyryjysy Anton Suçkow belledi.