Aprel aýyndan başlap, dünýäniň iň iri awtoulag öndürijisi bolan "Toyota Motor" kompaniýasynyň täze prezidenti 57 ýaşly Kenta Kon bolar. Maliýe hünärmeniniň korporasiýanyň ýolbaşçylygyna bellenilmegi, kompaniýanyň nobatdaky önümçilik rekordyny goýmagynyň yzysüre boldy: 2025-nji ýylda "Toyota Motor" bütin dünýäde 11,32 mln awtoulag satyp, satuw mukdaryny 4,6% artdyrdy. Kompaniýa eýýäm altynjy ýyl yzly-yzyna "Volkswagen" (8,98 mln ulag satyp, ikinji ýeri eýeledi) kompaniýasyndan öňe geçmegi başarýar. Guramanyň häzirki ýolbaşçysy, 56 ýaşly Kodzi Sato, direktorlar geňeşiniň başlygynyň orunbasary wezipesine geçer. Bu wezipede ol wekilçilik we jemgyýetçilik işlerine, şol sanda Ýaponiýanyň işewürlik federasiýasyna we Ýaponiýanyň awtoulag öndürijiler assosiasiýasyna ýolbaşçylyk etmäge ünsüni jemlär. Kenta Kon 1991-nji ýyldan bäri Toyota-nyň düzüminde işleýär. Ol buhgalteriýa we maliýe meseleleri boýunça hünärmendir. Mundan ozal ol korporasiýanyň maliýe bölümine ýolbaşçylyk edipdi. Önümçilige we "Lexus" ulgamynyň gibrid modellerini döretmäge gözegçilik eden Satodan tapawutlylykda, täze prezident kompaniýanyň ähli operasion işlerini dolandyrmagy öz üstüne alar.