Halkara Futbol Federasiýasynyň (FIFA) habar bermegine görä, professional erkekler futbol klublary ýakynda tamamlanan ýanwar aýynyň transfer penjiresinde 1,9 mlrd dollardan gowrak sarp etdi. Ýanwar aýynda 5 900-den gowrak halkara transferi hasaba alyndy. Bu görkeziji gyşky transfer möwsümi üçin rekord bolup, geçen ýylky görkezijiden 3% köp boldy. Şol bir wagtyň özünde, umumy çykdajylaryň möçberi 2025-nji ýylyň ýanwar aýy bilen deňeşdirilende, takmynan, 18% azaldy, emma 2023-nji ýylyň ýanwar aýynyň görkezijisinden 20%-den gowrak ýokary boldy. Iň köp serişde sarp eden iňlis klublary bolup, çykdajylaryň 360 mln dollary olaryň paýyna düşýär. Iň köp çykdajy eden ýurtlaryň ilkinji bäşligine Italiýa, Braziliýa, Germaniýa we Fransiýa girdi. Fransuz klublary transferlerden iň köp girdeji gazananlar boldy (215 million dollardan gowrak). Olardan soň Italiýanyň, Braziliýanyň, Angliýanyň we Ispaniýanyň klublary gelýär. Oýunçy satyn almak boýunça iň köp transferler Braziliýada hasaba alyndy, ondan soňra Ispaniýa, Argentina, Angliýa we Portugaliýa ýerleşdi. Satmak transferleri boýunça Argentina öňdeligi eýeledi, sanawy Angliýa, Braziliýa, Ispaniýa we ABŞ dowam etdirdi. Zenanlaryň professional futbolynda hem çykdajylar boýunça täze rekord goýuldy: klublar ilkinji gezek 10 mln dollardan gowrak sarp etdi, bu bolsa 2025-nji ýylyň ýanwar aýyndan 85% köpdür. Umuman, 420-den gowrak halkara transferi hasaba alyndy, bu bolsa geçen ýylkydan biraz pesdir. Iňlis klublary bu ugurda hem iň uly alyjylar boldy we satyn almak boýunça iň köp transferi amala aşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir