Mikelanjelonyň ozal näbelli suraty Christie's auksionynda 27,2 million dollara satyldy. Bu nyrh suratkeşiň auksionda satylan eserleriniň arasynda rekord görkeziji boldy diýip, auksion öýüniň metbugat gullugy habar berdi. Christie's-iň maglumatlaryna görä, eseriň eýesi deslapky bahany bilmek üçin onuň suratyny onlaýn portal arkaly ugratdy. Auksion öýüniň hünärmeni bu suratyň Watikandaky Sikstin kapellasynyň potologyna çekilen şahsyýetleriň biri bolan Liwiýa siwillasynyň sag aýagynyň dabanynyň garalamasydygyny anyklady. Surat gyzyl hek bilen çekilen bolup, ol 1511–1512-nji ýyllara degişlidir. Şol döwürde Mikelanjelo kapellanyň potologyndaky suratlaryň ikinji böleginiň üstünde işleýärdi. Christie's auksion öýi munuň şu wagta çenli auksiona çykarylan, Sikstin kapellasynyň suratlaryna degişli bolan we ozal hasaba alynmadyk ýeke-täk eskizdigini habar berdi. Şeýle hem ol Mikelanjelonyň hususy kolleksiýalarda saklanýan, takmynan, on sany suratynyň hataryna girýär. Söwdadan öň esere 1,5–2 million dollar baha berlipdi, emma kolleksionerleriň uly gyzyklanma bildirmegi netijesinde ahyrky nyrh deslapky bahadan, takmynan, 15 esse ýokary boldy. Bu surat köne ussatlaryň suratlarynyň we britan žiwopisiniň auksionynda hödürlendi, bu ýerde Rembrandt, Tisian we Wilýam Bleýk ýaly meşhur ussatlaryň eserleri hem satyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir