2026-njy ýylyň 2-4-nji fewraly aralygynda BMG-niň binasynda inçekeseli bolan aýallarda göwrelilige gözegçilik etmegiň aýratynlyklaryna we ftiziatriýa gullugy bilen hyzmatdaşlygy utgaşdyrmak meselelerine bagyşlanan üç günlük okuw maslahaty geçirildi. UNFPA-nyň (BMG-niň Ilat gaznasy) Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan guralan bu çäre lukmançylyk işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaga we ene bilen çaganyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin pudagara hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirildi. Okuw maslahaty hünärmenler toparyny: Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekillerini, degişli lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlaryny, şeýle hem Aşgabatdan, Arkadag şäherinden we ýurduň ähli welaýatlaryndan gelen akuşer-ginekologlary, reproduktologlary we ftiziatrlary bir ýere jemledi. Gatnaşyjylar göwreli aýallarda inçekeseli anyklaýyş we bejermek boýunça halkara protokollaryny, inçekesele garşy döwrebap derman serişdeleriniň ulanylyşyny, çaga dogurtmagyň usullaryny hem-de ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň protokollaryny öwrendi. Hünärmenler degişli lukmançylyk gulluklarynyň arasyndaky özara hyzmatdaşlyk mehanizmlerini amaly taýdan kämilleşdirmäge aýratyn üns berdi. Bu hereketler ýöriteleşdirilen lukmançylyk kömegini standartlaşdyrmaga we milli hem sebit derejelerinde enäniň we çaganyň saglyk görkezijilerini ep-esli gowulandyrmaga gönükdirilendir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir