Aşgabat şäherinde çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda geçirilen küşt boýunça Türkmenistanyň çempionaty tamamlandy. Ýaryşyň jemleýji tapgyry rapid we blitz boýunça ýaryşlar boldy we olaryň netijeleri boýunça ýaş türgenleriň arasynda 72 medal paýlandy. Çempionatyň absolýut ýeňijileri 16 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda Jahan Rejepowa we 14 ýaşyna çenli gyzlaryň arasynda Nurana Söýünowa boldy. Olar üç dissiplinada – nusgawy, rapid we blitz ýaryşlary boýunça altyn medallary gazanmagy başardy. Şeýle-de, Aşgabadyň ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinden Aly Ahmedow nusgawy we rapid ýaryşlarynda altyn medallary gazanyp, ýokary ussatlygy görkezdi. Mary welaýatyndan iki altyn medal gazanan Jennet Ýalkanowanyň we Lebap welaýatyndan üç kümüş medala mynasyp bolan Mähri Agamyradowanyň şahsy üstünlikleri hem aýratyn bellärliklidir. Ähli ýaryşlaryň jemi boýunça umumy toparlaýyn hasapda Lebap welaýaty birinji orny eýeledi. Baýraklaryň sany boýunça ikinji orna Mary welaýatynyň wekilleri mynasyp boldy, üçünji orny bolsa paýtagtyň ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebi we «Küşt älemi» akademiýasy paýlaşdy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir