Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty ýurduň orta mekdepleriniň gutardyş synp okuwçylaryny ders olimpiadalaryna gatnaşmaga çagyrýar. Maksatnamanyň çäklerinde dört ders: matematika, fizika, himiýa we häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary boýunça olimpiadalar geçiriler. Guramaçylar bu taslamanyň diňe bir zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga, olaryň dünýägaraýşyny giňeltmäge we döredijilik işine höweslendirmäge däl-de, eýsem ýokary okuw mekdepleri bilen orta mekdepleriň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilendigini nygtaýar. Ders bäsleşikleriniň birinji tapgyry aprel aýynyň başynda başlar: 1-nji aprelde matematika, 2-nji aprelde fizika, 3-nji aprelde himiýa we 4-nji aprelde häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary boýunça olimpiadalar geçiriler. Ikinji tapgyr 29-njy aprele meýilleşdirildi. Ähli bäsleşikler döwlet dilinde şahsy bäsleşik tertibinde geçiriler. Baýrakly orunlary eýelän ýeňijiler I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglanar. Olimpiadalara Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, şeýle hem ýurduň ähli welaýatlarynyň gutardyş synp okuwçylary çagyrylýar. Hasaba alynmak üçin gatnaşyjylar doldurylan formany 25-nji marta çenli şu salgy tdbgiobolymp@gmail.com boýunça guramaçylyk komitetine ibermelidir. Bäsleşikleriň düzgünnamasy we goşmaça maglumatlar bilen institutyň resmi saýtynda tanşyp bilersiňiz.