Aşgabatda türkmen kinematografynyň meşhur saz eserlerine bagyşlanan konsert geçiriler. Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny «Türkmen kinosynyň altyn mukamlary» atly sazly agşama çagyrýar. Bu çäre ýurdumyzyň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen filmlere we hakyky «döwrüň sesine» öwrülen sazlara goýulýan sarpadyr. Milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň sahnasynda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri çykyş eder. Orkestriň çeper ýolbaşçysy we baş dirižýory Türkmenistanyň at gazanan artisti Resul Gylyjow. Meýilnama «Şükür bagşy», «Aýgytly ädim», «Mukamyň syry», «Gadymy daglaryň rowaýaty», «Keçpelek», «Gämiçiniň jany bir», «Döwranyň başdan geçirenleri», «Japbaklar», «Gelin», «Şasenem-Garyp», «Ilkinji synag», «Aşyr aganyň hötjetligi», «Magtymguly», «Kärizgenler» ýaly meşhur filmleriň sazlary girizildi. Geçirilýän senesi: 21-nji fewral. Konsertiň başlanýan wagty: 19:00. Geçirilýän ýeri: Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgi. Bilet satyn almak boýunça şu telefon belgileri bilen habarlaşyp bilersiňiz: 26-69-17; 8 (61) 33-88-29; 8 (63) 46-71-77; 51-41-57; 864-03-74-56; 72-45-12

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir