Nvidia kompaniýasy GeForce wideokartalaryny ulanýanlara grafiki kemçilikleriň we programmalaryň durnuksyz işlemegi sebäpli Windows 11-iň iň soňky täzelemesini aýyrmagy maslahat berdi. Öndüriji KB5074109 belgili täzelemäniň gurnalmagyny oýunçylaryň ekranda dürli şekil bozulmalarynyň peýda bolmagy baradaky köp sanly şikaýatlary bilen baglanyşdyrýar. Kompaniýanyň berýän maglumatyna görä, bu programma komponentiniň gurnalmagy öndürijiligiň ep-esli peselmegine we şekiliň hiliniň ýaramazlaşmagyna getiryär. Şeýle hem, GeForce grafiki güýçlendirijileri bolan kompýuterleriň eýeleri gara ekranyň peýda bolmagy bilen utgaşýan kritiki ýalňyşlyklar barada habar berýärler. Häzirki wagtda täzelenmeler bukjasyny öçürmek wagtlaýyn çäre hökmünde hödürlenýär. Meseläniň nähili derejede ýaýrandygy anyklanmaýar, emma bökdençlikler operasion ulgamy ulanýanlaryň ählisinde hasaba alynmady.