Gazagystanyň Aktau şäheriniň golaýynda arheologlar Parfiýa we Wizantiýa döwürlerine degişli bolan içi kümüş we mis teňňelerden doly küýzäniň üstünden bardylar. Gadymy Garakabak şäherçesiniň harabalaryndan tapylan bu gymmatlyklar Mangystau (öňki Maňňyşlak) sebtiniň häki bir çetki künjek däl-de, eýsem möhüm söwda merkezi bolandygynyň esasy subutnamasy diýlip atlandyrylýar. Arheolog Andreý Astafýew şaýylaryň we artefaktlaryň Aspabota gadymy şäher-döwletiniň tutýan orny baradaky düşünjeleri üýtgedýändigini belleýär. Diýmek, bu şäher Gündogary we Günbatary gury ýer hem-de Hazarýaka ýollary arkaly birleşdiripdir. Tapyndylaryň arasynda Parfiýa patyşasy Orod II-niň biziň eýýamymyzdan ozalky I asyra degişli bolan seýrek kümüş drahmasy we atly esgeriň şekili çekilen süňk plastika bar. Tapyndy diňe bir pul ýa-da häkimiýet nyşanlaryndan ybarat däl. Arheologlar IV asyrdaky ýerli senetçileriň ýokary ussatlygyny tassyklaýan özboluşly mangystau nagyşly küýze önümlerini hem tapdylar. Gap-çanaklar, küýzeler we ýüzükler bolsa Garakabagyň ýaşaýjylarynyň durmuşyna, medeniýetine we Hytaýdan Wizantiýa çenli uzalyp giden söwda gatnaşyklaryna degişli jikme-jiklikleri suratlandyrýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir