Omdia seljeriji kompaniýasynyň hasabatyna görä, 2025-nji ýylda dünýäniň planşetler bazary durgunlykdan soň gaýtadan dikeldi. Iberilen önümleriň möçberi 9,8% ösüp, 162 million gurluşa ýetdi we bu 2020-nji ýyldan bäri iň ýokary görkeziji diýmekdir. Iň ýörgünli döwür dördünji çärýekde boldy, şonda jemi 44 million planşet ýerlenildi. Ösüş depgini boýunça Aziýa-Ýuwaş okean sebitini Merkezi we Gündogar Ýewropa yzda galdyrdy. Möwsümleýin arzanladyşlara garamazdan, satuwlar boýunça birsyhly yzda galan Demirgazyk Amerikasyndan başga, dünýä bazarlarynyň köpüsi iki belgili ösüşi görkezdi. Apple ýene-de birinji orny eýeledi. Kompaniýa dördünji çärýekde 19,6 million iPad satdy, bu bolsa bir ýyl ozalky görkezijiden 16,5% köpdür. Ikinji orny 6,4 million haryt sany bilen Samsung eýeleýär. Lenovo 3,9 million planşet iberip, ondan öňki ýyldakydan 36% ösüş görkezdi. Ilkinji bäşligi Huawei (3 million) we Xiaomi (2,8 million) jemleýär. Seljerijiler 2026-njy ýylda bazaryň ýat ýetmezçiligi we bahalaryň ýokarlanmagy bilen ýüzbe-ýüz bolup biljekdigini duýdurýarlar. Şondan ugur alyp öndürijiler planşetleriň smartfonlar we şahsy kompýuterler bilen aňsat arabaglanyşmagy üçin emeli aň tehnologiýalaryny ösdürmegi we bitewi ekoulgamlary döretmegi meýilleşdirýärler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir