Volvo kompaniýasy 2026-njy ýyl üçin özüniň ýeke-täk täze modeli bolan EX60 elektrik krossowerini tanyşdyrdy. Emma tanyşdyrylyş dabarasy täze tehnologiýalardan has köp, ulagyň tekerleriniň "adatdan daşary" hereketi bilen ýatda galdy. Dabara gatnaşýan tomaşaçylar geň bir ýagdaýyň şahady boldular: EX60-yň tekerleri ulagyň özüniň hereketinden has çalt aýlanýardy. Hatda ulag duran ýerinde hem tekerler aýlanmagyny dowam etdirýärdi. Bu ýagdaý köpçülik tarapyndan tehniki kemçilik ýa-da gizlin gözbagçylyk hökmünde kabul edildi. Kompaniýa dörän soraglara jogap edip, bu "hadysany" düşündirýän wideo çykardy. Munuň syry şeýle: tanyşdyrylyşda ulanylan awtoulagda ýöriteleşdirilen polat diskler bardy. Olaryň içine ýörite dolandyryjylar (kontrollerler) we mehanizmler ornaşdyrylypdyr. Ulgam 12 woltluk batareýadan energiýa alyp, ulagdan garaşsyz hereket edýärdi. Volvo bu aýlanýan tekerleriň diňe prezentasiýa üçin niýetlenen täsinlikdigini, adaty satuwa çykjak ulaglarda beýle "özbaşdak" tekerleriň bolmajakdygyny tassyklady. EX60 modeli meşhur XC60-yň ornuny tutar we ol adaty hem-de ýolsuz ýerler üçin niýetlenen Cross Country wersiýalarynda hödürlener. Emma ulagyň iň uly artykmaçlygy onuň batareýasyndadyr. Elektromobilleriň köpüsi gyşda batareýany 25 gradusa çenli gyzdyrmaly bolandygy üçin zarýad beriş tizligini ýitirýärler. EX60 batareýanyň hakyky temperaturasyna, ýagdaýyna we ýol şertlerine görä zarýad beriş parametrlerini awtomatiki sazlaýar. Bu bolsa batareýany öňünden uzak wagtlap gyzdyrman hem, ýokary tizlikli zarýad berijilerde çalt energiýa almaga mümkinçilik berýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir