4-nji fewralda Abu-Dabide Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi. Söhbetdeşler syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ugurlarda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de ösüş ýollaryny seljerdi. Taraplar iri göwrümli bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge, ilkinji nobatda, energetika pudagyndaky, şeýle hem ulag we logistika ulgamlaryndaky taslamalara aýratyn üns berdi. Maslahatlaşmalaryň çäklerinde taraplar Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Maksatnamany taýýarlamagyň maksadalaýykdygyny tassyklady. Mundan başga-da, duşuşyga gatnaşyjylar sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdy.