4-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Malaýziýanyň Türkmenistandaky ilçisi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddin bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär. Taraplar döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ony ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy. Diplomatlar ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary berkitmegiň ileri tutulýan ugurlaryna seretdi. Taraplar halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berdi. Hususan-da, duşuşyga gatnaşyjylar köptaraplaýyn meýdançalarda iki döwletiň başlangyçlaryny we dalaşgärliklerini özara goldamak tejribesiniň ähmiýetini nygtap geçdi.