Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 4-nji fewralda Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkine baranynda ol ýerde iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Maslahata Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory P.Baýramdurdyýew, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de «Türkmen alabaýlary» assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejepow gatnaşdy. Duşuşykda Halkara atçylyk akademiýasynda hünärmenleri taýýarlamak, talyplar üçin amal sapaklarynyň şertleri, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, geljek ýylda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň döredilenine 20 ýyl dolýar. Bu döwrüň içinde topar halkara derejesinde ykrar edilmegi başardy, dürli ýyllarda festiwallarda we bäsleşiklerde ençeme baýrak gazandy. Gurbanguly Berdimuhamedow atçylyk ugry boýunça şu ýyl geçiriljek çäreleriň meýilnamasyny taýýarlap, ony döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlemegi tabşyrdy. Şeýle hem ol atşynaslar hakda çeper filmiň surata düşürilmeginiň maksada laýykdygyny belledi. Film Arkadag şäherinde atçylygy ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işleri, atşynaslaryň, seýisleriň we çapyksuwarlaryň täze nesilleriniň taýýarlanylmagy, şeýle hem milli däpleriň dowamatlylygy ýaly ugurlary öz içine alyp biler. Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow atşynaslyk ýörelgeleriniň, at bilen ykbalyňy baglamagyň, bedewleri ösdürip ýetişdirmegiň özboluşly sungatdygyny, sungatyň bolsa müdimidigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň geljek nesillere ýetirilmegi, onuň dowamata atarylmagy ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini nygtady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir