4-nji fewralda Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkine amala aşyran saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Garaşsyz» atly ahalteke bedewine atlanyp, manežiň aýlawynda öwrüm etdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, soňra Gurbanguly Berdimuhamedow bu bedewi «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sowgat hökmünde gowşurýandygyny yglan etdi. Bu sowgat Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp, özygtyýarly döwletiň ösüşiniň nyşanyny alamatlandyrýar. Halk Maslahatynyň Başlygy toparyň düzüminde oglanlar bilen gyzlaryň hem çykyş edýändigini, olaryň bilelikdäki yhlasyndan ahalteke bedewleriniň şöhratynyň dünýä dolýandygyny belläp, bu agzybirligiň, ýaşlyk yhlasyň halkymyz üçin uly buýsançdygyny aýratyn nygtady. Minnetdarlyk nyşany hökmünde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary täze taýýarlan at üstündäki oýunlaryny görkezdiler.