Arkadag şäherindäki Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Duşuşygyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow topary Monte-Karloda geçirilen Halkara sirk sungaty festiwalynda halkara şahadatnamalara mynasyp bolmagy bilen gutlady. Ol toparyň agzalarynyň atşynaslyk sungatyny ösdürmek ugrunda uly işleri alyp barýandyklaryny aýdyp, olaryň at üstünde görkezýän oýunlarynyň dünýä halklaryny haýran galdyrýandygyny, olaryň ençeme halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, baş baýraklara mynasyp bolandyklaryny guwanç bilen belledi. «Türkmen milli atçylyk sungatynyň at-abraýyny belende galdyrmakda alyp barýan işleriňiz üçin, Hormatly Prezidentimiz Sizi gutlap, öz minnetdarlygyny bildirdi. Toparyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek maksady bilen, Hormatly Prezidentimiz Sizi 3 million manat bilen sylaglamak barada karara geldi» diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow kabul edilen çözgütleri mälim etdi. Şeýle hem toparyň ýolbaşçysyna we agzalaryna sowgat hökmünde nepislik bilen ýasalan at eýerleri gowşuryldy. Toparyň wekili bildirilýän üns-alada we goldaw üçin hoşallyk bildirip, geljekde hem milli atçylyk sungatyny ösdürmek we halkara çärelerine işjeň gatnaşmak arkaly bu ugra öz goşandyny goşmagy dowam etdirjekdiklerini aýtdy.