Awstraliýaly alymlar bejergisi agyr bolan beýin çiş keselinden ejir çekýän çagalara niýetlenen rak keseliniň garşysyna sanjymy synag etmäge taýýarlanýarlar. Şeýle synag dünýäde ilkinji gezek geçirilýär. Bu barada waksinanyň kliniki däl barlaglary geçirilen Kwinslend ştatynyň uniwersiteti (UQ) mälim etdi diýip, TASS-yň habarlarynda aýdylýar. Uniwersitetiň berýän maglumatlaryna görä, ýakyn aýlarda PaedNEO-VAX derman serişdesiniň kliniki synaglary Wiktoriýa, Günbatar Awstraliýa, Kwinslend, Täze Günorta Uels we Günorta Awstraliýa ştatlaryndaky 8 sany çagalar hassahanasynda geçiriler. Meýilnama boýunça, her bir sanjym ýörite genetiki markerleriň kömegi bilen her bir näsag üçin aýratyn dörediler. Dört ýyllyk kliniki synaglara beýni ragy anyklanan we garaşylýan ömür dowamlylygy 24 aýdan geçmeýän 70 sany näsag gatnaşdyrylar. «Bu beýni ragynyň aýratyn çylşyrymly görnüşlerini bejermekde täze, şahsy çemeleşmedir. Synaglaryň birinji tapgyry bize derman serişdesiniň howpsuz we netijeli mukdaryny kesgitlemäge kömek eder, ikinji tapgyrda bolsa bejergi usulynyň netijeliligine baha berler. Biz bu usulyň ragyň ösmegini haýalladýandygyny ýa-da haýallatmaýandygyny, şeýle-de näsaglaryň we olaryň maşgalalarynyň ömür dowamlylygyny hem-de durmuş ýagdaýyny ýokarlandyryşyny anyklamaga çalşarys» diýip, barlaga gatnaşýan professor Jordan Hansford aýdýar. Täze sanjym COVID-19-a garşy mRNK-waksinasynyň esasynda döredilendir. «Genom yzygiderliligini anyklamak we maglumatlary çuňňur seljermek arkaly her bir çaganyň çişindäki üýtgeşik onkomarkerleri ýüze çykaranymyzdan soň, biz sanjym üçin her bir çişe mahsus bolan nyşanlary saýlap alarys. Şonuň netijesinde şahsy dermanlar taýýarlanar» diýip, barlagyň ylmy ýolbaşçysy we uniwersitetiň professory Brendon Weýnraýt bu hakynda takyk düşündiriş berýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir