Hytaýyň gämi gurluşyk senagaty 2025-nji ýylda üç sany esasy görkeziji boýunça dünýäde ýene-de birinji orny eýeledi. Ýurt eýýäm 16 ýyl bäri yzly-yzyna öz liderligini saklap gelýär. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Senagat we maglumat tehnologiýalary ministrligi habar berýär. Ýylyň dowamynda ýurtda jemi dedweýti (ýük agramy) 53,69 million tonna bolan gämileriň gurluşygy tamamlandy. Bu bolsa geçen ýylyň görkezijisinden 11,4% köp diýmekdir. Netijede 2025-nji ýylda dünýäde gurlan ähli gämileriň 56,1%-i Hytaýyň gämi zawodlarynyň paýyna düşdi. Hytaýda gämi gurluşygy boýunça alnan täze sargytlaryň möçberi 107,82 million tonna dedweýti düzdi. Bu bolsa hasabat döwründe dünýä boýunça ýerleşdirilen ähli täze sargytlaryň 69%-ine gabat gelýär. Dekabr aýynyň ahyryna çenli Hytaýyň gämi gurluşyk kompaniýalarynyň sargytlarynyň umumy portfeli 274,4 million tonna dedweýte ýetdi we geçen ýyl bilen deňeşdirilende 31,5% ýokarlandy. Sinhua agentliginiň habar bermegine görä, bu görkeziji boýunça Hytaýyň dünýä gämi gurluşygyndaky paýy 66,8%-e deň boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir