Angliýanyň ligasynyň kubogynyň (Carabao Cup) finalynda «Mançester Siti» we «Arsenal» toparlary güýç synaşarlar. Kubok ugrundaky aýgytly duşuşyk 22-nji martda Londonyň meşhur «Uembli» stadionynda geçiriler. Hosep Guardiolanyň şägirtleri ýarym finalyň jogap duşuşygynda «Nýukasly» 3:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdiler. Ilkinji duşuşykda hem «Siti» myhmançylykda 2:0 hasabynda ýeňiş gazanypdy. «Arsenal» beýleki ýarym final duşuşygynda «Çelsiden» üstün çykdy. Jogap duşuşygynda 1:0 hasabynda ýeňiş gazanan Mikel Artetanyň topary birinji oýunda hem 3:2 hasabynda ýeňipdi. Angliýanyň ligasynyň kubogy 1960-njy ýyldan bäri geçirilip gelýär. Ýaryşyň häzirki çempiony «Nýukasl». Ol geçen möwsümde öz taryhynda ilkinji gezek bu baýragy gazandy. Bu görkeziji babatda rekord eýesi «Liwerpul» — 10 gezek çempion boldy. «Mançester Sitiniň» hasabynda 8 titul bar, «Arsenal» bolsa bu ýaryşda 2 gezek ýeňiş gazandy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir