Take-Two kompaniýasy 2026-njy ýylyň tomsunda hemmeleriň garaşyp-garaşyp garaşmazy çykan GTA 6 oýnunyň doly derejeli mahabat işine başlar. ​Oýnuň özüniň çykýan wagty bolsa üýtgemeýär. Take-Two-nyň ýolbaşçysy Ştraus Zelnik maýadarlar bilen grüüňdeşliginde oýnuň 2026-njy ýylyň 19-njy noýabryna meýilleşdirilendigini we bir wagtda PS5 hem-de Xbox Series platformalarynda çykjakdygyny tassyklady. Onuň sözlerine görä, ynam "örän, örän ýokary". Mundan beýläk yza süýşürmelere garaşylanok. Diskli wersiýalardan ýüz öwrülmegi mümkin diýen myş-myşlar hem aýryldy. GTA 6 hem sanly görnüşde, hem-de fiziki göterijilerde — bir wagtyň özünde PlayStation Store-da, Microsoft Store-da we bölekleýin söwdada çykar. Bu oýna näme üçin şeýle sabyrsyzlyk bilen garaşylmagynyň sebäbini sanlar arkaly aňsat düşündirip bolar. GTA V on ýylyň içinde 225 mln nusga möçberinde satyldy, Grand Theft Auto seriýasynyň tutuşlygyna bolsa 1997-nji ýyldan bäri 465 mln çäginden geçdi. Takmynan ýarysy — diňe bir oýnuň paýyna düşýär. GTA 6-nyň goýberilmeginiň diňe bir oýun senagaty üçin däl, eýsem tutuş dynç alyş ulgamy üçin hem ähtimal rekord hökmünde atlandyrylmagy geň däl. Mundan öň Sony-nyň bu relizi tas PS5-iň şahsy eksklýuziwi ýaly kabul edýändigi habar berlipdi. ​Take-Two 1,76 milliard dollar möçberinde sap girdeji barada habar berdi, bu üçünji çärýek üçin çaklanylan 1,6 milliard dollardan ep-esli ýokary boldy, şunda Grand Theft Auto girdejiniň ösmegine özüniň uly goşandyny goşdy. GTA Online bolsa, öz gezeginde, girdejiniň 27% ösendigini görkezdi. ​Şu nukdaýnazardan, Take-Two Interactive-iň baş direktory Ştraus Zelnik GamesIndustry.biz neşirine kompaniýanyň emeli aňy işjeň ulanýandygyny we "elmydam ulanandygyny" mälim etdi, emma onuň döredijilik işinde däl-de, gurallarda ulanylýandygyny we "generatiw emeli aň Rockstar Games-iň GTA 6 üçin döredýän zatlaryna hiç hili dahylynyň ýokdugyny" belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir