Amerikaly hirurglar näsagy iki gije-gündizläp öýkensiz diri saklamagy başardylar. Lukmaçylygyň bu haýran galdyryjy üstünligi barada ScienceAlert ylmy neşirde has içgin gürrüň berilýär. 33 ýaşly erkek adam agyr dümewden soň ölüm bilen ýaşaýyşyň arasynda galýar. Infeksiýa öýkenleri hatardan çykaryp, pnewmoniýanyň, sepsisiň we ýiti bronhial ýetmezçiliginiň döremegine sebäp bolýar. Bejerginiň peýdasyndan geçen, gaýta öýkenleriň özi ýokançlygyň çeşmesine öwrülýär. Has takygy, olary bedende saklamak, gönümel ölümi aňladýan derejä baryp ýetýär. Şunlukda hirurglar ýaňy-ýakyna çenli mümkin däl diýlip hasap edilen çözgüde gelýärler we iki öýkeni hem bütinleý aýyrýarlar. Näsagy bolsa ABŞ-nyň Demirgazyk-Günbatar uniwersitetinde işlenip düzülen doly emeli öýken ulgamyna (TAL) çatýarlar. Ol gany kislorod bilen baýlaşdyryp, gan aýlanyşygyny dolandyrýar we ýürege düşýän agramy azaldýar. Şeýlelikde, bu geň ykbally hassa, tä donor agzalary tapylýança 48 sagatlap öýkensiz ýaşaýar. Ondan soň bolsa transplantasiýa amala aşyrylýar. Bu wakadan bäri iki ýyldan gowrak wagt geçen hem bolsa, lukmanlar oturdylan öýkenleriň kadaly işleýändigini aýdýarlar. Bu ýagdaý lukmançylykda örän uly öňegidişlik hasap edilýär. Çünki bu tehnologiýa öňler oturtmak mümkin däl hasap edilen öýkeni-de transplantasiýa edip bolýandygyny aňladyp, öýkeni agyr hem ýiti şikesli näsaglarda sagalmaga uly umyt döredýär.