Lionel Messi 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna iň kadaly ýagdaýda gatnaşmak hem-de şikes almak töwekgelçiligini azaltmak üçin «Inter Maýami» klubundaky türgenleşik maksatnamasyny düýpli üýtgetdi. «The Touchline» neşiriniň «X» ulgamynda habar bermegine görä, futbolçy üçin Argentinanyň milli ýygyndysynyň bähbitleri häzirki wagtda klub bähbitlerinden ýokarda durýar. 38 ýaşly hüjümçi ýaşy we fiziki ýagdaýy bilen baglylykda taýýarlyk meýilnamasyna birnäçe üýtgeşmeleri girizdi. Hususan-da, ol fiziki we tizlik agramly türgenleşikleri azaldyp, bedenini dikeltmek we dynç almak pursatlaryna has köp wagt sarp eder. Messä haýsy türgenleşiklere gatnaşmalydygyny we haýsy oýunlarda meýdança çykmalydygyny özi kesgitlemäge doly ygtyýarlyk berildi. Bu çäreleriň esasy maksady — futbolçynyň karýerasyndaky iň soňky «mundiala» (dünýä çempionatyna) gatnaşmagyna päsgel berip biljek şikesleriň öňüni almakdyr. Klub ýolbaşçylygy bu "seresap" düzgünleriň Messiniň uzak möhletleýin durnuklylygyny saklamagyna ýardam etjekdigine ynanýar. Messi mundan ozal 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň öz karýerasynda iň soňkusy boljakdygyny tassyklapdy. Messi Argentina üçin 196 oýna çykyp, 115 gol geçirdi. Onuň hasabynda dünýä çempionlygy we iki sany Amerikanyň Kubogy bar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir