ABŞ-nyň Miçigan ştatyndan 90 ýaşly iňlis dili mugallymy Bewerli Hannett-Praýs zenanlaryň arasynda dil öwretmek boýunça iň dowamly karýerasy üçin resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Ol eýýäm 67 ýyl bäri mekdepde sapak berýär diýip, UPI agentligine salgylanyp, Oxu.Az habar berýär. Hannett-Praýs Detroit Country Day School mekdebinde iňlis dili dersinden okadýar. Mugallyma rekord şahadatnamasy onuň hormatyna mekdepde gurnalan garaşylmadyk ýygnanyşygyň dowamynda gowşuryldy. Dabarada «Toni» we «Emmi» baýraklarynyň eýesi, öň Hannett-Praýsyň okuwçysy bolan aktýor Kortni B. Wens çykyş etdi. Ol hut şu mugallymyň özüne pikirlerini dogry beýan etmegi we tekst ýazmagy öwredendigini, şol sebäpli häli-häzirem habarlaşyp durýandyklaryny belledi. Bewerli mugallymçylyk işine 1958-nji ýylda başlady. Onuň öňki okuwçylarynyň arasynda meşhur aktýor Robin Uilýams we Microsoft kompaniýasynyň öňki baş direktory Stiw Balmer hem bar. Dabarada çykyş etmek bilen, Hannett-Praýs pensiýa çykmak niýetiniň ýokdugyny aýtdy. «Men bu mekdebi gowy görýärin. Men okatmagy gowy görýärin» diýip, ol belledi.