Prezident Serdar Berdimuhamedow Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti Anura Kumara Dissanaýakä ýurduň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. TDH-nyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň döwlet Baştutany dostlukly ýurduň Prezidentine tüýs ýürekden berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Şri-Lankanyň halkyna bolsa parahatçylyk, öňegidişlik hem-de rowaçlyk arzuw etdi. Şri-Lankanyň Garaşsyzlyk güni her ýyl 4-nji fewralda bellenilýär. Bu baýram 1948-nji ýylda ýurduň Britaniýanyň agalygyndan syýasy garaşsyzlygyny almagy mynasybetli bellenilip başlandy. Ilkibaşda döwlet Seýlon dominiony derejesini aldy, 1972-nji ýylda bolsa resmi taýdan respublika öwrüldi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir