3-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Rumyniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Ion Nawal bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerine seretdi. Esasy üns iň ýokary we ýokary derejelerdäki gatnaşyklary ikitaraplaýyn saparlar görnüşinde hem-de köptaraplaýyn çäreleriň meýdançalarynda işjeňleşdirmegiň zerurdygyna gönükdirildi. Mundan başga-da, syýasy geňeşmeleri hem-de Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-rumyn hökümetara toparynyň mejlislerini yzygiderli geçirmegiň ähmiýeti nygtaldy. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýän hyzmatdaşlygyň beýleki görnüşleriniň wajyplygy bellenilip geçildi. Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady.