3-nji fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Dubaýa saparynyň çäklerinde Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ugurlarda türkmen-emirlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. Türkmen diplomatiýasynyň ýolbaşçysy Bütindünýä hökümet sammitiniň döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam berýän halkara meýdançasy hökmündäki ähmiýetini belledi. Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň netijeliligi bellenilip geçildi. Türkmenistanyň we BAE-niň halkara hem-de sebit guramalarynyň çäklerindäki özara goldawy nygtaldy. Mundan başga-da, diplomatlar ikitaraplaýyn syýasy gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek maksady bilen, şu ýyl üçin meýilleşdirilen çäreleri gözden geçirdi.