Günüň işjeňligi durnukly peselme tapgyryna geçdi. Häzirki işjeňlik döwrüniň iň ýokary nokady 2024-nji ýylda doly geçildi diýip, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos barlaglary instituty habar berýär. Berilýän maglumatlardan çen tutsaň, ýakyn ýyllarda görkezijiler geçilen ýokary derejelerine gaýdyp gelmez. Kosmos barlaglary institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň müdiri Sergeý Bogaçýow häzirki wagtda ýyldyzda bolup geçýän hadysalaryň güýjüniň iň ýokary döwürler bilen deňeşdirilende 2–3 esse azalandygyny düşündirýär. Şunlukda hünärmenler ýakyn geljekde işjeňligiň öňki derejesine çenli dikelmejekdigine bil baglaýarlar. Umumy peselme meýline garamazdan, aýratyn güýçli tutaşmalaryň bolmak ähtimallygy welin saklanyp galýar. Çaklamalara görä, ýakyn 3–4 ýylyň dowamynda asman guralynyň häzirki döwrüň çäklerinde iň pes görkezijiler bilen häsiýetlendirilýän doly depressiýa tapgyryna geçmegi mümkin.