Türkiýäniň «Fenerbahçe» kluby Saud Arabystanynyň «Al-Ittihad» toparynyň merkezi ýarym goragçysy N'Golo Kanteni resmi taýdan düzümine goşandygyny yglan etdi. Bu barada Stambul klubunyň metbugat gullugy habar berdi. «Käbir kyssalar wagt talap edýär, ýöne soňlanman galmaýar. Biziň "Fenerbahçämize" hoş geldiň, N'Golo Kante!» diýlip, klubuň «X» sosial ulgamyndaky resmi sahypasynda aýdylýar. Fransiýaly ýarym goragçy bilen baglaşylan ylalaşyk 2028-nji ýylyň iýunyna çenli göz öňünde tutulýar. Insaýder Fabrisio Romanonyň habar bermegine görä, resminamalardaky käbir kynçylyklardan soň, FIFA «Fenerbahçe» we «Al-Ittihad» toparlaryna bu transferi amala aşyrmaga ýörite rugsat berdi. Aslynda bu söwda esasy transfer penjiresi döwründe tamamlanmalydy, emma resminamalaryň nädogry taýýarlanmagy sebäpli transfer bökdelipdi. Şol wagt «Fenerbahçe» «Al-Ittihad» toparynyň ýolbaşçylaryny transferi bilkastlaýyn bökdemekde açyk jemgyýetçilikde aýyplapdy. Emma ähli düşünişmezlikler çözüldi we dünýä çempiony indi resmi taýdan türk klubunyň köýnekçesini geyer.