2-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde bellenilişi ýaly, maslahatyň dowamynda oba hojalyk toplumyny ösdürmek, möwsümleýin agrotehniki çäreleriň barşy we welaýatlarda gurluşyk maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Welaýatlaryň häkimleri gezekli-gezegine häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda alnyp barylýan ideg işleri, ýazky gowaça ekişine taýýarlyk, ýerleri sürmek we tekizlemek, tohumlary taýýarlamak hem-de oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdiler. Şeýle hem ýeralma we gök-bakja ekinlerini ekmek üçin meýdanlary we tohumlyk serişdeleri taýýarlamak barada maglumat berildi. Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak we gaýtadan işlemek işlerine aýratyn üns çekildi. Mundan başga-da, ilatyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegi, elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmegi, şeýle hem şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalaryň gurluşyk ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle-de Prezidentimiz sebitlerdäki gurluşyk taslamalaryna gözegçiligi güýçlendirmek, bugdaý we pagta öndürijiler hem-de hyzmat ediji edaralar bilen öz wagtynda hasaplaşyklary geçirmek barada anyk tabşyryklary berdi.