San-Fransisko şäheri startaplary işe girizmek üçin dünýäniň iň amatly şäheri diýlip ykrar edildi. Bu barada ​"Time Out" neşiri "Multipolitan" konsalting firmasynyň barlaglaryna salgylanyp ýazýar. ​Amerikanyň bu megapolisiniň sanawda öňdäki orny eýelemegi, wençur maýa goýumlarynyň uly göwrümi, ugurdaş kompaniýalaryň jemlenmegi we ösen sanly düzüm bilen düşündirilýär. ​Migrasiýa we göçüş meseleleri bilen meşgullanýan kompaniýanyň hünärmenleri ilkinji üçlüge Sýurih we Dubaý şäherlerini hem goşdular. Reýting telekeçilik işjeňligine, innowasiýalaryň derejesine, hünärmen gorunyň hiline we biznesi dolandyrmagyň çeýeligine esaslanyp düzüldi. ​Startaplar üçin iň gowy 10 şäher: ​San-Fransisko, ABŞ ​Sýurih, Şweýsariýa ​Dubaý, BAE ​Singapur ​Nýu-Ýork, ABŞ ​Los-Anjeles, ABŞ ​Seul, Günorta Koreýa ​London, Beýik Britaniýa ​Gonkong ​Pariž, Fransiýa ​"Startaplar ýerli baýlygy täzeden paýlaýarlar, täze nesil telekeçileri terbiýeleýärler we şäheriň mümkinçilikler üçin açykdygy barada dünýä yşarat berýärler" — diýip, "Multipolitan" hünärmenleri bellediler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir