aponiýanyň Aerokosmiki barlaglar agentligi (JAXA) uçarlaryň korpuslaryny gapyrga görnüşde reňklemek tehnologiýasyny işläp düzdi we ony synagdan geçirip başlady. Bu barada jaxa.jp saýty habar berýär. Akulanyň hamyny ýatladýan görnüşde reňklenen örtük awiasiýanyň uglerod zyňyndylaryny azaltmak boýunça (dekarbonizasiýa) maksatnamasynyň çäginde aerodinamiki garşylygy peseltmek we ýangyjy tygşytlamak üçin niýetlenendir. JAXA-nyň hünärmenleri bu tehnologiýany ilkinji gezek 2026-njy ýylyň 28-nji ýanwarynda Zipair Tokyo awiakompaniýasynyň «Boeing 787-8» uçarynda ulandylar. Narita aeroportunda bolup geçen synag prosesinde hünärmenler «O reňkden bu reňke» («Paint-to-Paint») usulyny ulandylar, bu bolsa işleriň hilini we tizligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. JAL kompaniýasynyň «Boeing 787-9» laýnerinde 2025-nji ýylyň ýanwaryndan bäri geçirilýän täze usulyň deslapky synaglary garşylygyň 0,31% peselendigini görkezdi. Bu görkeziji Narita — Frankfurt ugry boýunça takmynan 154 tonna ýyllyk ýangyjy tygşytlamaga we kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny 492 tonna azaltmaga ýardam edýär. Häzirki wagtda agentlik gapyrga görnüşde reňklenen örtügiň garşylygy 6–6,5% peseltmäge mümkinçiligi bolan has kämilleşdirilen görnüşiniň üstünde işleýär. Bu tehnologiýa ýeňilligi, çydamlylygy bilen tapawutlanýar we howa gämisiniň gurluşyna agram bermeýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir