Şu gün Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly — türkmen bedewiniň dünýä dolýan şöhraty» atly dabaraly çäre geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Ýakynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde 48-nji halkara Monte-Karlo sirk festiwaly geçirilip, onda Türkmenistana wekilçilik eden «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň we Döwlet sirkiniň wekilleri oňa hormatly myhman hökmünde gatnaşdylar. Halkara festiwalyň çäklerinde geçirilen festiwalda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin, Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalar gowşuryldy. Halkara atçylyk assosiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosasiýasynyň merkezi binasynda ýaýbaňlandyrylan dabarada «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary merkeziň muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdylar. Soňra bu toparyň agzalary baýramçylyk ýörişi bilen Döwlet sirkine tarap ýola düşdüler. Soňra bu bu ýere ýygnananlar Döwlet sirkinde guralan dabaraly maslahata gatnaşdylar. Maslahatda türkmen bedewleriniň şan-şöhraty, omy dünýä ýaýmakda alnyp barylýan işler dogrusynda täsirli gürrüňlere uly orun berildi. Aýdym-sazly dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Ozal habar berşimiz ýaly, bu waka mynasybetli dabaralar 28-nji ýanwarda Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde hem uludan ýaýbaňlandyrylypdy