Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty Türkmenistanyň orta umumybilim berýän mekdepleriniň ýokary synp okuwçylary üçin dil olimpiadalaryna gatnaşmak barada arzalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi. Olimpiadalara gatnaşmaga Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, şeýle hem ýurduň welaýatlarynyň mekdepleriniň 11–12-nji synp okuwçylary çagyrylýar. Institut mart we maý aýlary aralygynda türkmen, iňlis, fransuz, rus we nemes dilleri boýunça bäş olimpiada geçirer. Bellenen tertibe görä, olimpiadalaryň geçiriljek wagty: · 14-nji mart: türkmen dili boýunça II olimpiada; · 28-nji mart: iňlis dili boýunça IV olimpiada; · 4-nji aprel: fransuz dili boýunça III olimpiada; · 2-nji maý: rus dili boýunça IV olimpiada; · 16-njy maý: nemes dili boýunça III olimpiada. Her bir olimpiada iki tapgyrdan ybarat. Birinji tapgyr düzme (esse) ýazmagy göz öňünde tutýar we uzak aralykdan (onlaýn) geçirilýär. Ikinji tapgyr bolsa institutyň binasynda test görnüşinde geçirilýär. Ýeňijiler iki tapgyrda alnan utuklaryň jemi boýunça kesgitleniler. Olar diplomlar we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanar. Baýrakly orunlary eýelän okuwçylary taýýarlan mugallymlara bolsa Hormat hatlary gowşurylar. Guramaçylyk komitetleriniň düzümi D. Azady adyndaky TMDDI-niň mugallymlaryndan we professorlaryndan, şeýle hem institutyň hyzmatdaşy bolan daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň wekillerinden ybarat bolar. Gatnaşmak we hasaba durmak baradaky jikme-jik maglumatlar ýokary okuw mekdebiniň resmi saýtynda ýerleşdirildi.